Çarlz Dikkens
Çarlz Dikkens | |
Doglan wagty we ýeri | Çarlz Jon Huffam Dikkens 7 Fewral 1812 Landport, Portsmot, Angliýa |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | 9 Iýun 1870 Gad's Hill Place, Higham, Kent, Angliýa | (58 ýaşyndady)
Gubury | Poets' Corner, Westminster Abbey |
Käri | Ýazyjy |
Etnikasy | Iňlis |
Raýatlygy | Beýik Britaniýa |
Esasy eserleri | Pikwik klubynyň miras galan ýazgylary, Oliwer Twistiň başdan geçirmeleri, Dewid Kopperfild, Iki şäher hakda hekaýat, Uly umytlar |
Ýanýoldaş(lar)y | Katerin Dikkens |
Goly |
Çarlz Dikkens
(1812-1870)
Iňlis hem dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri Çarlz Dikkens 1812-nji ýylyň 7-nji fewralynda, Angliýanyň Portsmut şäherinde dünýä inipdir. Onuň ene-atasy juda gurply ýaşaýan ekenler, çagany mähir-muhabbet bilen terbiýeläpdirler. Çarlz eýýäm çagalykdan akyly hem ugurtapyjylygy bilen özüniň ýaşdaşlaryndan saýlanypdyr. Emma Dikkensiň kakasy bahym bergä batyp, ol döwrüň kanunyna görä, bergidarlaryň türmesine salynýar. Maşgalanyň ýagdaýy agyrlaşýar. Şonuň üçin geljekki ýazyjy çaga halyna agyr işlerde işläp, gazanç etmeli bolýar, emma boş wagtyny ýitirmän, diňe okuwa, kitaba sarp edipdir. Bu agyr ýyllar barada ýatlamalar soň-soňlar ýazyjynyň birnäçe ajaýyp eserleriniň gözbaşyny tutupdyr. Döredijilik ýoluna Dikkens juwan ýaşlarynda aýak basypdyr. Ilki ol parlament stenografy, soňra birnäçe gazetlerde habarçy bolup işlemeli bolýar, emma diliniň baýlygy, wäşiligi hem-de adam häsiýetlerini açyp görkezmekde ýeten ussatlygy ýaş habarça derrew meşhurlyk getirýär. 1836-njy ýylda «Bozuň oçerkleri» atly ilkinji kitaby çap edilende, onuň ýazarynyň ady okyjylaryň köpüsine bellidi. Emma hakyky şöhrat Dikkense «Pikwik klubynyň miras galan ýazgylary» (1836-1837) kitaby çap edileninden soň gelýär. Dünýä edebiýatynyň iň göwün galkyndyryjy eserleriniň biri hasaplanýan bu eserde Dikkens birnäçe ýatdan çykmajak keşpler döretmegi başarypdyr. Ondan soňky döreden eserleri, şol sanda-da «Oliwer Twistiň başdan geçirmeleri» (1838), «Nikolas Niklbi» (1839),«Martin Çezlwit» (1843), «Dombi we ogly» (1848),«Dewid Kopperfild» (1849-1850), «Iki şäher hakda hekaýat» (1859), «Uly umytlar» (1860) romanlary we beýleki birentek eserleri Dikkens aýatda diri gezip ýören wagty hem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy hasaplanylýardy. Ömrüniň soňky ýyllarynda ýazyjy «Edwin Drudyň syry» atly romanyň üstünde işleýärdi. Ol bu eserini tamamlap ýetişmän, 1870-nji ýylyň 9-njy iýunynda, 58 ýaşynda aradan çykýar. «Edwin Drudyň syry» romanyny käbir tankytçylar ýazyjynyň iň kämil eseri hasaplaýarlar. Dikkensden soň ýaşan iňlis ýazyjylarynyň hiçisi hem onuň täsirini inkär edip bilmändirler. Hatda, Dostoýewskiý we Lew Tolstoý ýaly beýik ýazyjylar hem Çarlz Dikkensi özüniň halypasy hasaplapdyrlar.